Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropanyň Adam hukuklary sudy: Nawalny doganlary adalatsyz höküm edildi


Russiýanyň oppozision syýasatçysy Alekseý Nawalny (sagda) we onuň dogany Oleg Nawalny.
Russiýanyň oppozision syýasatçysy Alekseý Nawalny (sagda) we onuň dogany Oleg Nawalny.

Ýewropanyň Adam hukuklary sudy Russiýanyň oppozision syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň we onuň dogany Olegiň “Yves Rocher” diýlip atlandyrylýan sud işi bilen baglanyşykly 2014-nji ýyldaky sud diňlenişiginde maliýe jenaýatlarynda aýyplanyp, adalatsyz höküm edilendigi barada karar çykardy.

Ýewropanyň Adam hukuklary sudy özüniň 17-nji oktýabrda çykaran kararynda Russiýanyň sudlarynyň bu iş bilen baglanyşykly “öz erkine görä we aç-açan esassyz” karar çykarandygyny aýtdy. Şeýle-de, bu sud kararynyň Oleg Nawalnynyň türmä basylmagyna we onuň tanymal dogany Alekseý Nawalnynyň şertli tussaglyga höküm edilmegine sebäp bolandygy bellenilýär.

Düýbi Strasburgda ýerleşýän sud Russiýanyň Nawalny doganlaryna jemi 76 müň ýewro we 8 müň amerikan dollaryna golaý pul serişdesini bermelidigi barada karar çykardy.

Alekseý we Oleg Nawalny 2008-2012-nji ýyllar aralygynda biri fransuz kosmetika kompaniýasy “Yves Rocher” bilen baglanyşykly iki rus firmasyndan 500 müň amerikan dollary möçberinde maliýe serişdesini ogurlamakda we puluň käbir bölegini ýuwmakda aýyplanypdy.

Şonda Nawalny doganlarynyň ikisi hem 3 ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdiler, ýöne Alekseýiň tussaglygy soňa goýlupdy. Oleg Nawalny bolsa, henizem türme tussaglygynda saklanylýar.

Doganlar bu sud işiniň syýasy maksatlydygyny aýdyp, özlerine ýöňkelen aýyplamalary ret edýärler.

Russiýanyň Adalat ministrligi Ýewropanyň Adam hukuklary sudunyň çykaran karary bilen ylalaşmaýandygyny mälim etdi.

XS
SM
MD
LG