Sepleriň elýeterliligi

Yrak güýçleri kürtleriň kontrollygyndaky territoriýalaryň gözegçiligini yzyna aldy


Öýlerinden göçmäge mejbur edilen adamlar Kirkugyň golaýynda ýerleşýän Hawija sebitindäki öýlerine dolanýarlar. 18-nji oktýabr, 2017 ý.

Yragyň hökümet güýçleri öň kürt güýçleriniň gözegçiliginde bolan ýurduň Nineweh we Diýala welaýatlaryndaky territoriýalaryň kontrollygyny yzyna alandyklaryny aýdýarlar.

Yragyň armiýasynyň 18-nji oktýabrda ýaýradan beýanatynda aýdylmagyna görä, gürrüňi edilýän territoriýa yrak güýçleri girmezden öň, kürt peşmerga söweşijileri çykarylypdyr.

Şeýle-de, beýanatda yzyna alnan territoriýalaryň arasynda Yragyň demirgazyk Nineweh welaýatynyň Mosul bendiniň we Sinjar şäheriniň hem-de Bagdadyň demirgazyk-gündogaryndaky Diýala welaýatynyň Hanakin we Jalawla şäherleriniň bardygy aýdylýar.

Şu hepdäniň başynda Yragyň esgerleri we olaryň ýaran güýçleri Kirkuk şäheriniň gözegçiligini ele geçirdiler.

Bu harby operasiýalar kürt resmileriniň özleriniň awtonom regionynda, şeýle-de Kirkuk şäherinde garaşsyzlyk referendumyny geçirmeginden üç hepde soňa gabat geldi. Bagdat bu referendumy bikanun diýip atlandyrdy.

Premýer-ministr Haýdar al-Abadi bu operasiýalaryň Yragyň “bitewiligini goramak” üçin zerurdygyny aýtdy.

Kürt regional lideri Masud Barzani parahatçylyga çagyrdy, emma kürt garaşsyzlygy ugrunda göreşmegi dowam etdirjekdigini wada berdi.

XS
SM
MD
LG