Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz premýer-ministri serhetdäki krizisi maslahat etmek üçin Astana sapar edýär


Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew we Gyrgyzystanyň premýer-ministri Sapar Isakow. 11-nji oktýabr, 2017 ý. Soçi şäheri

Gyrgyzystanyň premýer-ministri Sapar Isakow gyrgyz-gazak serhedindäki krizisi maslahat etmek üçin 18-nji oktýabrda Gazagystana sapar edýär.

10-njy oktýabrda Gazagystan gümrük nokatlarynda gözegçiligi güýçlendirensoň, bu ýerde ulaglaryň we adamlaryň uly nobaty emele geldi.

Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň syýasy departament bölüminiň başlygy Çyngyz Esenkul-Uulu Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda Isakowyň Astana edýän saparynyň 17-nji oktýabrda Gazagystanyň premýer-ministri bilen geçirilen telefon gepleşiginde tassyklanandygyny aýtdy.

Gazak-gyrgyz serhedinde gözegçiligiň güýçlendirilmegi, wezipe möhleti tamamlanyp barýan gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýewiň gazak häkimiýetlerini “Gyrgyzystanyň içerki işlerine goşulyşmakda” aç-açan aýyplamagyndan birnäçe gün soňa gabat geldi.

7-nji oktýabrda Atambaýew goňşy Gazagystany kandidatlaryň biri Omurbek Babanowa aç-açan goldaw bermek arkaly, ýurduň prezidentlik kampaniýasyna goşulyşmakda aýyplady.

Atambaýew köpçülikde eden şol çykyşynda gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýewi onlarça ýyl häkimiýet başynda galmakda tankyt etdi.

Gazak resmileri bu aýyplamalary ret edýärler.

XS
SM
MD
LG