Sepleriň elýeterliligi

Protestçiler ukrain parlamentiniň golaýyndaky köçäni böwetledi


Kiýewde protest geçirýän adamlar. 17-nji oktýabr, 2017 ý.

Kiýewde prezident Petro Poroşenkonyň korrupsiýa garşy reformalary kabul etmegini ýa-da wezipesinden çekilmegini talap edýän ukrain protestçileri onlarça çadyry dikmek arkaly ýurduň parlamentiniň golaýyndaky esasy köçäni böwetlediler.

17-nji oktýabrda 4,500 çemesi protestçi Hruşewska köçesiniň ugrunda we “Werhowna Radanyň” daşyndaky “Mariýinskiý” seýilgähinde çadyrlary dikdiler.

18-nji oktýabrda bu ýerdäki ýüzlerçe protestçi özleriniň talaplary ýerine ýetirilýänçä yza çekilmejekdigini aýtdylar. Ukrain Milli polisiýasynyň başlygy Serhiý Knýazew habarçylara beren maglumatynda resmiler çadyrlary zorluk bilen aýyrmagy planlaşdyrmaýar diýdi.

“Biz köne ýalňyşlary gaýtalamak islemeýäris. Biz raýatlaryň öz isleglerini beýan etmek hukugyny üpjün etmek isleýäris” diýip, Knýazew aýtdy.

Şeýle-de, ol demonstrantlaryň sebite çadyrlary polisiýanyň barlagyndan geçirmän getirmegi netijesinde dörän uruş-dawada iki polisiýa ofiseriniň ýaralanandygyny we keselhana ýerleşdirilendigini belledi.

XS
SM
MD
LG