Gazagystan we Gyrgyzystan serhetdäki dar geçelgäni giňeltmek we iki ýurduň arasyndaky ulag gatnawyny tizleşdirmek çärelerini görmek barada ylalaşyga geldi.
Bu ylalaşyk 18-nji oktýabr güni giçlik, Gazagystanyň premýer-ministri Baktžan Saghyntaýew bilen gyrgyz premýer -ministri Sapar Isakowyň Astana geçiren gepleşiklerinde gazanyldy.
Saghyntaýew bu gepleşiklerden soň, 19-njy oktýabrda žurnalistlere serhetden geçmekde ilkinji nobatyň ozaly pyýada syýahatçylara, maşynda diňe öz goşlaryny alyp barýanlara, yzygider şäherara awtobuslaryna we ýüksüz ýük maşynlaryna beriljekdigini aýtdy.
Saghyntaýew taraplaryň premýer-ministrleriň orunbasarlary derejesinde işçi toparlaryny döretmek barada hem ylalaşyga gelendiklerini, olara bu ýagdaýy doly kadalaşdyrmak baradaky plany bäş gün içinde işläp düzmegiň tabşyrylandygynyaýtdy.
Gazak premýeriniň sözlerine görä, gazak-gyrgyz serhediniň berkidilmegine gyrgyz täjirleri tarapyndan gümrük we salgyt düzgünleriniň bozulmagy sebäp bolupdyr.