Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain parlamenti protestler arasynda deputat eldegrilmesizligini aýyrmakçy bolýar


Ukraina, syýasy karikatura
Ukraina, syýasy karikatura

Ukrain parlamenti 19-njy oktýabrda kanun çykaryjylaryň eldegrilmesizligine we saýlaw kanunçylygyna üýtgetme girizmegi ara alyp maslahatlaşmagy karar etdi.

Oppozisiýadaky syýasy partiýalar bilen ýaranlaşan müňlerçe demonstrant bolsa soňky günler kanun çykaryjy organyň öňüne ýygnanyp, ýene bir uly miting geçirmegi planlaşdyrýar.

Olar prezident Petro Poroşenkonyň korrupsiýa garşy reforma geçirmegi ýa-da işden çekilmegi üçin basyşy güýçlendirmekçi bolýarlar.

Iki tarapdan hem protestleriň parahatçylykly bolmagyna çagyryş edilýändigine garamazdan, parlamentiň işiginde çadyr dikinen protestçiler bilen polisiýanyň arasynda käte-käte çaknyşyklar ýüze çykýar.

18-nji oktýabrda azyndan 10 adamyň tussag edilendigi aýdylýar, polisiýa mähellä garşy göz ýaşardyjy gaz ulandy.

17-nji oktýabrda başlan protestlere Poroşenkodan we onuň günbatara tarapdar hökümetinden edilen tamalaryň çykmazlygy itergi berdi.

Poroşenkonyň tankytçylary ony ýokary derejedäki korrupsiýanyň köküni köwläp bilmezlikde aýyplaýarlar.

XS
SM
MD
LG