Sepleriň elýeterliligi

Eýran häkimiýetleri ozalky prezident Hataminiň öýden çykmagyny gadagan etdiler


Mohammad Hatami

Habarlarda aýdylmagyna görä, eýran häkimiýetleri ozalky reformaçy prezident Mohammad Hataminiň öz ýaşaýan ýerinden çykyp, Tähranda bir duşuşyga gatnaşmagynyň öňüni aldylar.

Oppozisiýadaky “Sahamnews” websaýtynyň maglumatyna görä, Hatami 18-nji oktýabr güni giçlik özüniň BARAN fondunda ozalky ministrleri bilen duşuşmaly eken, emmä howpsuzlyk güýçleri oňa öýünden çykmaga rugsat berilmeýändigini aýdypdyrlar.

“Hataminiň janpenalaryna şuňa meňzeş buýruk berildi, olaryň reformaçy hökümetiň başlygynyň öýünden çykmagyny gadagan etmegi tabşyryldy” diýip, habarda aýdylýar.

Başga bir oppozisiýa saýty “Kalameh” hem şuňa meňzeş habary çap etdi we soňky aýlarda Hataminiň öýden çykmagynyň birnäçe gezek gadagan edilendigini habar berdi.

Hatami 1997-2005-nji ýyllarda prezident boldy we Eýranda giň meşhurlyga eýe. Şeýle-de onuň maýda öz goldawçylaryna Rohanini goldamagy ündäp, prezident Hassan Rohaniniň gaýtadan saýlanmagynda uly rol oýnandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG