Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ispaniýa Katalan awtonomiýasyny togtatmakçy bolýar


Ispan premýer-ministr Mariano Rajoý
Ispan premýer-ministr Mariano Rajoý

Ispan hökümeti Kataloniýanyň awtonomiýasyny togtatmak üçin 21-nji oktýabrda adatdan daşary hökümet ýygnagyny geçirmäge çagyrdy. Bu çagyryş katalan lideri garaşsyzlygy jar etmek haýbatyny atanyndan soň edildi.

Premýer-ministr Mariano Rajoýyň edarasy 19-njy oktýabrda Ministrler kabinetiniň ispan konstitusiýasynyň 155-nji maddasyny işe girizmek üçin duşuşjakdygyny aýtdy.

155-nji madda Madride, eger-de region öz kanuny borçlaryny berjaý etmese, sebiti göni dolandyryş astyna almaga ygtyýar berýär. Hökümetiň Kataloniýa babatynda görmek isleýän çärelerini kesgitlemegi hem-de olary soňra Ispaniýanyň senatynda sese goýmaga hödürlemegi gerek.

Kataloniaýanyň lideri Karles Puigdemont, 19-njy oktýabrda garaşsyzlyk talaplaryndan el çekmek barada berlen soňky möhlet bilen ýüzbe-ýüz bolup, eger-de Madrid “repressiýany dowam etdirse”, regional parlamentiň Ispaniýandan bölünmegi sese goýjakdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG