Sepleriň elýeterliligi

Eýran generaly Yragyň Kerkuk şäheriniň yzyna alynmagyna kömek etdi


General-maýor Kasem Soleýmani, Eýranyň Yslamçy rewolýusiýa gwardiýasy korpusynyň komandiri

Eýranyň uly derejeli harby komandiri kürt liderlerini Kerkukdan çekilmäge yrmak üçin demirgazyk Yraga bardy. Kürt resmileri onuň Yragyň hökümet güýçleriniň şu hepde Kerkugy doly öz gözegçiliklerine almagynda uly rol oýnadygyny aýtdylar.

Kürt deputatlary general-maýor Kasem Soleýmaniniň, Eýranyň Yslamçy rewolýusiýa gwardiýasy korpusynyň komandiriniň Süleýmaniýe şäherinde, Yragyň premýer-ministri Haýdar al-Abadi öz güýçlerine Kerkugy almagy buýurmazyndan bir gün öň Kürdistan watançylyk birleşiginiň, esasy iki kürt syýasy partiýasynyň biriniň liderleri bilen duşuşandygyny aýtdylar. Bu kürt partiýasy Eýanyň ýarany bolup durýar.

“Reuters” habar gullugynyň ýazmagyna görä, Soleýmani kürt liderlerine olaryň peşmerga güýçleriniň Abadiniň günbatardan we regional güýçler bolan Türkiýeden hem Eýrandan goldaw alýan hökümet goşunlaryny ýeňip bilmejegini aýdypdyr.

Şeýle-de ol kürtleriň ýa Kerkukdan çekilmelidigini, ýa-da Tähranyň goldawyny ýitirmek töwekgelligine uçrajakdyklaryny aýtdy diýip, “Reuters” habar berýär.

XS
SM
MD
LG