Sepleriň elýeterliligi

Ozalky futbolçy Kaladze Tbilisiniň häkimligi ugrundaky bäsleşikde öňe çykdy


Kakha Kaladze

Gürjüstandaky saýlawlaryň çykyş anketasy Milan klubynyň ozalky futbolçysy, dolandyryjy “Gürjustan arzuwy” koalisiýasnyň agzasy Kakha Kaladzäniň Tbilisiniň häkimligi ugrundaky bäsleşikde has öňe saýlanandygyny görkezdi.

22-nji oktýabr güni irden resmiler netijeler belli bolmady, emma Imedi TV-niň tabşyrmagy boýunça Gorbi firmasy tarapyndan geçirilen çykyş anketasy Kaladzäniň saýlawçylaryň 53 prosentiniň sesini alandygyny görkezdi. Onuň yzyndan Birleşen milli hereketiň wekili Zaal Udumaşwili we garaşsyz kandidatAleko Elisaşwili gelýär, olaryň hersi 14 prosent çemesi ses aldy.

Rustavi2 TV hem “Edison Research Co.” Tarapyndan geçirilen pikir soramalaryň şuňa meňzeş netijelerini aýan etdi.

Ýurt boýunça geçirilen ses berişlik köpler üçin “Gürjüstan arzuwy” koalisiýasynyň geljek ýylyň prezident saýlawlarynda öňe saýlanjagynyň esasy görkezijisi bolup durýar.

Merkezi saýlaw komissiýasy 58 sany munisipal we etrap ýolbaşçysyny, Tbilisi, Batumi, Kutaisi, Poti we Rustavi şäherleriniň bäş häkimini saýalamak üçin1.6 milliona golaý adamyň ses berendigini, saýlawlara gatnaşygyň45.64 prosent bolandygyny aýtdy.

Saýlawda Tbilisi, Batumi, Kutaisi, Poti we Rustavi şäherleriniň häkimleri saýlandy. Şeýle-de saýlawçylar 64 sany ýerli geňeşiň2,058 agzasyny saýlamak üçin ses berdiler.

Çykyş görkezijileri “Gürjüstan arzuwy” koalisiýasynyň Tbiliside we beýleki esasy şäherlerde öňe saýlanandygyny görkezdi.

XS
SM
MD
LG