Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnyý tussagdan çykdy


Alekseý Nawalnyý

Rus oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnyý 20 gün tussaglykdan soň Moskwadaky deslapky tussaghanadan azat edildi, ol prezident Wladimir Putine garşy ygtyýar berilmedik protestleri gurnandygy üçin tussag atyna alnypdy.

"Salam, men azatlyga çykdym!” diýip, Nawalnyý 22-nji oktýabrda özüniň Instagram hasabynda köçedäki suratyny ýerleşdirmek bilen, bu täzeligi habar berdi.

2018-nji ýylda prezident saýlawlarynda dalaşgärlige çykmagy wada beren Nawalnyý özüniň “işlemäge taýýardygyny” aýtdy we şu gün giçlik goldawçylarynyň öňünde çykyş etmek üçin Astrahana ugraýandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Nawalnynyň sözçüsi häkimiýetleriň Astrahandaky Dostluk parkynda ýygnanyşyk geçirmäge rugsat berendiklerini aýtdy, Astrahan Moskwanyň 1,300 km günorta-gündogarynda, Kaspi deňziniň golaýynda ýerleşýär.

Nawalnynyň tarapdarlary 22-nji oktýabr güni irden Kremliň golaýyndaky köprüden “Putinden dynmagyň we Nawalnyny saýlamagyň wagty geldi” diýen ýazgyly şygary asdylar diýip, AFP habar gullugy habar berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG