ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson yrak we kürt liderlerini dialogyň üsti bilen özara dawalaryny çözmäge we ýurtdaky dartgynlylygy gowşatmaga çagyrdy. Tillerson bu barada Bagdada eden saparynyň dowamynda çykyş etdi.
“Biziň hem Bagdatda, hem-de Irbilde dostlarymyz bar. Biz iki tarapy hem gepleşiklere we dialoga başlamaga çagyrýarys” diýip, Tillerson belledi.
ABŞ-nyň baş diplomaty Yragyň premýer-ministri Haidar al-Abadi bilen duşuşyp, Bagdadyň “Yslam döwleti” terroristik toparyna garşy alyp barýan söweşini we kürtleriň Peşmerga güýçleriniň eýelän sebitleriniň gözegçiligini yzyna almak ugrundaky tagallalaryny gepleşdi.
Kürtler 25-nji sentýabrda özleriniň garaşsyzlygy ugrunda geçiren referendumyndan soň, kürt we yrak liderleriniň arasynda dartgynlylyk döräpdi. Bagdad bu referendumy bikanun diýip, ret etdi. ABŞ we BMG hem oňa garşy çykdylar.
Вакцинаны Хытай довлетинден алан болсалар говы боларды ,Турк доганларымыздан горелде алып ,шонда ялнышмарыс! Тебигы газымыз бн хасаплашып хем билердик! Хер бир затда Кремльин межбур эдени билен ,оларын диенини эдибермелими , онсузам 30(отуз) йыл туркмен халкыны косап гелйарлер,ягны олары адам хасабында гормани!