Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Burmanyň harbylaryna garşy sanksiýalary girizdi


ABŞ-nyň döwlet departamentiniň metbugat wekili Heazer Nauert.
ABŞ-nyň döwlet departamentiniň metbugat wekili Heazer Nauert.

ABŞ Burmada rohingýa musulmanlaryna garşy zulum etmekde ilteşikli bölümlere we ofiserlere harby hemaýatyny togtadýandygyny mälim etdi.

Mundanam başga, döwlet departamentiniň metbugat wekili Heazer Nauert (Heather Nauert) ABŞ-nyň Global Magnitskiý kanunynyň esasynda sanksiýalaryň girizilip bilinjekdigini hem sözüne goşdy. Gürrüňi gidýän Kanun Waşingtonyň adam hukuk bozmalaryna ilteşiklidigi hasap edýän şahsyýetlerine garşy gadagançylyklary göz öňünde tutýar.

Soňky hepdeleriň dowamynda 400 müňe golaý rohingýa, özlerine garşy alnyp barylýan harby çäreler sebäpli, aglaba buddistleriň ýaşaýan Burmanyň Rakhine sebitinden goňşy Bangladeşe geçdi. Harby çäreler rohingýa separatistleriniň hüjüminden soň başlanypdy.

XS
SM
MD
LG