Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanda žurnalist Saipow ýatlandy


Alişer Saipow

Gyrgyzystanda garaşsyz žurnalist Alişer Saipowyň öldürilmeginiň 10-njy ýyl dönümini ýatlamak üçin graždan aktiwistleri, žurnalistiň ozalky kärdeşleri, dostlary we ýakynlary ýygnandylar.

Ýatlama çäresi, Saipowyň Oş şäherindäki öýünde geçdi.

Saipowyň dogany – žurnalist Şahrukh Saipow ýaş gyrgyz žurnalistlerini sylaglamak üçin, öz merhum doganynyň adyny göterjek ýörite baýragyň ýola goýuljakdygyny hem mälim etdi.

Saipow 2007-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Oşuň merkezinde atylyp öldürilipdi. Sud bu jenaýaty etmekde Oşuň ýaşaýjysy Abdulgafar Rasulowy günäli tapyp, oňa 20 ýyl türme tussaglygyny berdi.

Emma, Saipowyň maşgalasy “hakyky jellatlaryň” we hüjümi gurnanlaryň jezalandyrylmandygyny öňe sürüp, suduň hökümine garşy çykdylar.

Etnik özbek Saipow sebitdäki yslam toparlary we oppozisiýa syýasaty barada makalalary çap edýärdi.

Ol 2005-nji ýylda Özbegistanyň Andijon şäherindäki gyrgynçylyk barada hem maglumatlary taýýarlapdy.

XS
SM
MD
LG