Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson Nýu-Delide gepleşik geçirýär


ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson Nýu-Delide guralan metbugat ýygnagynda, 25-nji oktýabr, 2017.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson Nýu-Delide guralan metbugat ýygnagynda, 25-nji oktýabr, 2017.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson Nýu-Delide iki ýurduň gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak we Hytaýyň barha ösýän täsirine garşy durmak tagallalarynyň çäginde hindi ýolbaşçylary bilen gepleşik geçirýär.

Tillerson Hindistanyň ganym duşmany bolan Pakistana eden saparyndan soň, 25-nji oktýabrda premýer-ministr Narendra Modi we beýleki ýolbaşçylar bilen duşuşýar. ABŞ Yslamabady yslamçy jeňçilere gorag-pena bermekde aýyplanyndan soň, amerikan-pakistan gatnaşyklarynyň sowandygy aýdylýar.

Tillerson geçen hepde Waşingtonyň Hindistan bilen hyzmatdaşlygy “örän çuňlaşdyrmak” isleýändigini, sebäbi ABŞ-nyň sebitde gülläp ösýän demokratiýalaryň öňbaşçylygynda “azat we açyk” regiony ilerletmek maksadyny yzarlaýandygyny aýtdy.

Ol Nýu-Delä 24-nji oktýabrda Yslamabatdan geldi. Tillerson Yslamabatda prezident Donald Trampyň Pakistan ýurt içinde hereket edýän jeňçileri we terrorçylary ýok etmek tagallasyny güýçlendirmeli diýen sözlerini gaýtalady.

Şeýle-de Tillerson Pakistanyň jeňçilere garşy söweşde edýän “pidakärlikleriniň” gadyr-gymmatynyň bilinýändigini belledi.

XS
SM
MD
LG