Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nazarbaýewi tankytlan gazak bloggeriniň Gazagystana berilmeginden howatyr edilýär


Žanar Ahmet, Kiýew, mart.
Žanar Ahmet, Kiýew, mart.

Prezident Nursoltan Nazarbaýewiň hökümetini tankytlanyndan soň Ukraina gaçan gazak bloggeriniň yzyna, Gazagystana ekstradisiýa edilmek gorkusy bar diýip, bloggeriň aklawçysy aýtdy.

Žanar Ahmet 21-nji oktýabrda, Gazagystanyň galplyk aýyplamalary talaby esasynda Kiýewde tussag edildi we 24-nji oktýabrda onuň 18 gün tussagda saklanylmagy buýruldy diýip, aklawçy Wladislaw Hrişçenko aýtdy.

Hrişçenko Žanar Ahnediň Kiýew sudunda çykarylan karardan soň açlyk yglan edendigini hem sözüne goşdy.

Kiýewiň regional polisiýasynyň sözçüsi Mikola Žukowiç biraz öň Ahmediň ukrain häkimiýetleri Gazagystanyň ektradisiýa talabyna seredýänçä tussagda saklanmagynyň ahmaldygyny aýtdy.

Ahmet Gazgystandan mart aýynda, 9 ýaşyndaky ogly bilen bile, howpsyzlyk aladalary esasynda gaçdy.

Ahmet Azatlyk radiosynyň Gazak gullugyna ýurtdan gaçmak kararyna gelmeginiň sebäbini düşündirip, häkimiýetleriň özüni internetde özüňi otlamaklygy wagyz etmek üçin “bikanun gurama guramak” aýyplamasynda günlemekçi bolýandyklaryny, muny oňa öz çeşmeleriniň habar berendigini gürrüň berdi.

Ol özüne mundan öňki bildirilen aýyplamalaryň hem syýasy sebäpli bolandygyny, gazak häkimiýetleriniň ýazýan zatlary üçin ar almak isleýändiklerini aýdýar.

XS
SM
MD
LG