Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus türmesinden boşadylan krym tatarlarynyň lideri göreşini dowam etdirjekdigini wada berdi


Rus türmesinden boşadylan krym tatarlarynyň liderleri Ahtem Çiýgoz we Ilmi Umerow
Rus türmesinden boşadylan krym tatarlarynyň liderleri Ahtem Çiýgoz we Ilmi Umerow

Krym tatarlarynyň lideri Ahtem Çiýgoz azatlyga goýberilenden bir gün soň, žurnalistlere beren maglumatynda Russiýada we onuň anneksiýa eden Krym regionynda syýasy bendileriň tussag edilmeleriniň soňuna ýetmek boýunça göreşini dowam etdirjekdigini wada berdi.

“Göreşiň şertleri üýtgedi we men türmede wagtym hem öz göreşimi dowam etdirdim. Men göreşmek üçin mundan beýläk has köp mümkinçiligimiň boljakdygyna ynanýaryn” diýip, Çiýgoz 26-njy oktýabrda AÝ/AR-na beren maglumatynda aýtdy.

Türk prezidenti Rejep Taýýyp Erdoganyň araçylyk etmeginde gelnen ylalaşyga laýyklykda, Çiýgoz we beýleki krym tatarlarynyň lideri Ilmi Umerow 25-nji oktýabrda rus türmesinden boşadyldy. Olar rus sudunyň çykaran kararyna laýyklykda, şu ýylyň sentýabr aýynda Krym ýarymadasynda tussag edilipdiler.

Olar Ukraina dolanmazdan öň, Russiýadan Türkiýä sapar etdiler. Ýewropa Bileleşigi gürrüňi edilýän iki lideriň azatlyga goýberilmegini “gowy habar” diýip häsiýetlendirip, Russiýada we Krym ýarymadasynda bikanun tussag edilen beýleki ukrain raýatlarynyň hem dessine boşadylmagy üçin çagyryş etdi.

XS
SM
MD
LG