Sepleriň elýeterliligi

Indoneziýanyň zawodynda dörän ýangynda onlarça adam öldi


Indoneziýanyň feýrwek zawody. 26-njy oktýabr, 2017 ý.

Indoneziýanyň häkimiýetleri ýurduň feýrwek zawodynda bolan partlamanyň netijesinde dörän ýangynda azyndan 46 adamyň ölendigini we başga-da 40-dan gowragynyň ýaralanandygyny aýdýarlar.

Ýangyn 26-njy oktýabrda paýtagt Jakartanyň günbataryndaky senagat kompleksinde ýüze çykdy.

Ýangyna garşy göreş gullugynyň işgärleri ýangyny söndürdiler we häzirki wagt resmiler binada pida bolanlaryň jesetlerini anyklamaga synanyşýarlar.

“Biz henizem wakada pida bolanlary ewakuasiýa edýäris... Bu ýerde 46 adamyň jesedi ýörite torbalara ýerleşdirildi. Ewakuasiýa işleri henizem dowam edýär” diýip, Tangerang Kota sebitiniň polisiýa ýolbaşçysy Harry Kurniawan aýtdy.

Polisiýa wakada ölen adamlaryň jesetleriniň aşa ýanandygyny we olary tanap bolmaýandygyny belläp, ölenleriň sanynyň has-da artyp biljekdigini mälim etdi.

Ýangynyň netijesinde zawodyň belli bir bölegi ýumruldy we onuň golaýyndaky awtoulaglar ot aldy.

XS
SM
MD
LG