Sepleriň elýeterliligi

Kiýew: ‘Terrorçylykly aktda’ iki adam öldi, bir kanunçykaryjy ýaralandy


Kiýewde ukrain polisiýasy partlamanyň bolan ýerini derňeýär.

Kiýewde ukrain häkimiýetleri tarapyndan terrorçylykly akt diýlip häsiýetlendirilýän bomba partlamasynda iki adam öldi we başga-da bäş sanysy, şol sanda milliýetçi oppozision Radikal partiýasyndan kanunçykaryjy Ihor Mosiýçuk ýaralandy.

Bu waka 25-nji oktýabrda Kiýewiň Solomýanskiý etrabynda Mosiýçuk we başga-da birnäçe adam telewideniýe merkezinden çykyp barýan mahaly boldy.

Ukrainanyň Milli Howpsuzlyk gullugynyň metbugat wekili Olen Hitlýanska 26-njy oktýabrda özüniň Facebook sahypasynda çap eden maglumatynda, gullygyň guramaçylykly terrorist topar tarapyndan amala aşyrylan şübheli terror akty bilen baglanyşykly jenaýat derňewlerini başladandygyny mälim etdi.

“Nämälim adamlaryň kanunçykaryjynyň geçip barýan ýerinde motosiklli partladandygy anyklandy” diýip, Hitlýanska aýtdy.

Ol partlamada ölenleriň birini 30 ýaşyndaky garawul, beýlekisini 1981-nji ýylda doglan we wakanyň bolan ýerinden geçip barýan ýerli ýaşaýjy diýip sypatlandyrýar.

XS
SM
MD
LG