Sepleriň elýeterliligi

HRW Özbegistanda “käbir oňaýly ädimler boldy” diýýär


Özbek prezidenti Şawkat Mriziýoýew

“Human Rights Watch” (HRW) topary Özbegistanda Şawkat Mirziýoýewiň prezidentliginiň birinji ýylynda adam hukuklary meselesinde “käbir oňaýly ädimleriň bolandygyny” belledi. Şol bir wagtda, adam hukuklaryna gözegçilik edýän topar öňe gidişlikleri dowamly özgertmelere öwürmäge çagyryş etdi.

“Human Rights Watch” topary bu barada özüniň “Özbegistan: Täze prezidentligiň ýyly, özgertmelere bildirilýän seresap umytlar” atly hasabatynda nygtady. Topar Daşkendiň täze syýasy döwründe öz üstüne alan halkara borçnamalaryny berjaý etmegine hem çagyryş etdi.

“Human Rights Watch” hökümete edilýän parahatçylykly tankytlara – has demokratik bir jemgyýete öwrülmek üçin – diňe bir çydamlylyk görkezmän, eýse olara uly ähmiýet berilmelidigini hem belläp geçdi.

Hasabatda soňky 12 aýyň içinde Özbegistanda azyndan 16 syýasy tussagyň azat edilendigi, müňlerçe adamyň howpsuzlyk gulluklarynyň “gara sanawyndan” aýrylandygy we hökümet edaralarynyň raýatlaryň öňünde has jogapkär bolandygy nygtalýar.

Emma, ýurtda syýasy matlap bilen tussag edilen ýene-de müňlerçe adamyň saklanyp galýandygy hem aýdylyp geçildi.

XS
SM
MD
LG