Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň ABŞ-nyň saýlawlaryna goşulyşmagy bilen bagly ilkinji gezek günä bildirilendigi habar berilýär


ABŞ-nyň Federal derňew býurosynyň (FBI) başlygy Robert Mueller

ABŞ-nyň ýörite geňeşçisi Robert Muller Orsýetiň 2016-njy ýylyň prezidentlik saýlawlaryna goşulyşmagy boýunça derňewleriň ady görkezilmedik nyşanyna garşy ilkinji gezek günä bildirdi diýlip, 27-nji oktýabrda media maglumatlarynda habar berildi.

CNN we Reuters agentlikleriniň “mesele boýunça çykyş eden” anonim çeşmelere salgylanyp habar bermegine görä, Waşingtonyň federal sudy Mulleriň amala aşyran derňewleri boýunça ilkinji gezek bildirilen günäni hasaba alypdyr. Adalat departamentiniň maý aýynda beren ygtyýarnamasynyň esasynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň administrasiýasynyň kanuny bozan bolmagynyň ähtimallygy derňelýär.

CNN bildirilen günäniň häsiýetiniň nämälim galýandygyny, maglumatlaryň federal sudýanyň görkezmesi boýunça gizlinlikde saklanýandygyny we 27-nji oktýabrda yglan edilen plana görä, aýyplanýanlaryň indiki hepdede, 30-njy oktýabra çenli tussag astyna alynjakdygyny habar berdi.

CNN-niň habar bermegine görä, Mulleriň derňewleri Trampyň saýlaw kampaniýasynyň Orsýet bilen güman edilýän dildüwüşiginiň daşynda geçirilýär, şeýle-de Trampyň Mullerden öň derňewlere ýolbaşçylyk eden Federal derňew býurosynyň (FBI) başlygy James Komeýi maý aýynda iş başyndan çetleşdirmek bilen kanuny bozmagynyň ähtimaldygy öwrenilýär.

Mundan öň Muller 2016-njy ýylda Trampyň oglunyň we Trampyň kampaniýasynyň başlygy Paul Manafortyň Demokratik partiýasynyň dalaşgäri Hillari Klintona zyýan ýetirip biljek maglumatlary bermegi teklip eden orsýetliler bilen gepleşik geçirendigi barada dokumentleri çap edipdi.

XS
SM
MD
LG