Sepleriň elýeterliligi

Kennediniň ölüminde ABŞ-nyň sagçy toparlarynyň eli bar diýip, Sowet Soýuzynyň öňe sürendigi aýdylýar


Jon F.Kennedi

ABŞ-nyň derňew býurosy (FBI) 1963-nji ýylda prezident Jon F.Kennediniň janyna kast edilmegine Sowet Soýuzynyň gatnaşan bolmagynyň ähtimaldygy boýunça derňew geçiren döwründe, sowetler ABŞ-nyň sagçy toparlarynyň we hatda Kennediniň wise-prezidentiniň onuň ölüminde eliniň bardygy hakyndaky şübhelerini öňe sürüpdir. Bu maglumatlar ýaňy-ýakynda çap edilen dokumentlerde öňe sürülýär.

Dokumentlerden mälim bolşuna görä, sowet KGB-si Kennediniň janyna kast edilmeginiň netijesinde prezident bolan Lyndon Jonsonyň kast edişlige gatnaşygy barada özünde maglumatyň bardygyny we onuň Federal derňew býurosynyň müdiri J.Edgar Hooweriň 1966-njy ýylda prezidentiň kömekçisine ýollan hatyna baglydygyny aýdýar.

27-nji oktýabrda ABŞ-nyň Döwlet departamenti Kennediniň ölümine degişli üç müň çemesi dokumenti çap etdi. Şeýle-de Federal derňew býurosynyň (FBI) we Merkezi aňtaw gullugynyň (CIS) haýyşy boýunça ýene ýüzlerçe dokumentiň üstüniň açylmandygy aýdylýar. Ýörite komissiýanyň bu dokumentlerde daşary syýasat we ýörite gulluklaryň işi boýunça ynjyk maglumat ýok diýip, karara gelen ýagdaýynda olaryň aprel aýynyň aýagynda mälim edilmegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG