Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjanyň oppozisiýasy Bakuwda protest geçirdi


Azerbaýjanyň oppozisiýasy korrupsiýa garşy protest geçirdi, Baku, 28-nji oktýabr, 2017.
Azerbaýjanyň oppozisiýasy korrupsiýa garşy protest geçirdi, Baku, 28-nji oktýabr, 2017.

Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda oppozisiýanyň guramaçylygynda geçirilen korrupsiýa garşy protest çykyşyna ýüzlerçe adam gatnaşdy.

28-nji oktýabrda “Talaňçylyga ýok” şygar astynda geçirilen bu aksiýany Azerbaýjanyň oppozision güýçlerini öz içine alýan “Demokratik güýçleriň milli geňeşi” atly topar guramalaşdyrdy.

“Milli front partiýasynyň”, “Halk demokratik partiýasynyň”, “Milli döwletçilik partiýasynyň” we “Musawat partiýasynyň ýaşlar guramasynyň”, “Musulman bileleşiginiň” we NIDA hereketiniň aktiwistleri ýörişe gatnaşdylar.

Bakuwyň Mehsul stadionynda geçirilen bu aksiýa häkimiýetler tarapyndan rugsat berildi.

Polisiýa protest aksiýasyna 1000 çemesi adamyň gatnaşandygyny aýtdy, oppozision aktiwistler bu sanyň has ýokary bolandygyny habar berýärler.

Protestçiler “Korrupsiýanyň soňuna çykyň!” we “Syýasy tussaglara azatlyk!” ýaly şygarlary öňe sürdüler.

XS
SM
MD
LG