Sepleriň elýeterliligi

Facebook: ABŞ-nyň ses berijileriniň ýarysy Orsýetiň syýasy maglumatlaryny gören bolmagy mümkin


Facebook sosial sahypasynyň resmi belgisi

Facebook sosial ulgamy Osýetde ýerleşýän we “trol fabrikasy” diýlip atlandyrylýan toparlaryň ABŞ-nyň ses berijileriň pikirini üýtgetmeklige gönükdirilen 80 müň çemesi reklamasyny iki ýylyň dowamynda 126 million amerikanlaryň gören bolmagynyň ähtimaldygyny anyklady, diýlip media maglumatlarynda aýdylýar.

Facebook ulgamynyň Kongressiň dokumentlerinde çap bolan bu maglumaty, Twitteriň Moskwanyň bähbidine bolan maglumatlary çap etmek bilen tanalýan orsýetli sahypalary anyklandygyny boýun almagynyň yzýanyna gabat geldi.

Kompaniýalaryň ikisi-de 31-nji oktýabrda Senatyň ýustisiýa boýunça komitetinde çykyş etmeli bolarlar.

Facebook ulgamynyň çap eden maglumaty Orsýetiň Birleşen Ştatlardaky syýasy pikire täsir ýetirmek boýunça synanyşyk edendigini görkezýär. Sosial ulgamynyň ýazmaça görnüşli beýanatynda 2015-nji ýylyň iýun we 2017-nji ýylyň awgust aýynyň aralygynda çap bolan 80 müň çemesi postyň ABŞ-nyň ses bermäge hakly ilatynyň ýarysy çemesi tarapyndan görlen bolmagynyň ähtimaldygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG