Sepleriň elýeterliligi

Ýemen: Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky howa zarbasynda 26 adam wepat boldy


Ýemeniň demirgazyk Saadah welaýatynyň Sahar etrabynda bolan howa hüjüminiň netijeleri, 1-nji noýabr, 2017.

Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky harby koalisiýanyň Ýemeniň demirgazyk Saadah welaýatynda myhmanhana we onuň ýanyndaky bazara howadan eden hüjüminiň netijesinde azyndan 26 adam wepat boldy diýip, medisina işgärleri we şaýatlar habar berdiler.

1-nji noýabrda bolan Saud Arabystany bilen serhetdeş Sahar etrabynda bolan bu hüjümiň netijesinde myhmanhananyň we bazaryň ýumrulandygy aýdylýar.

Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky harby koalisiýa Ýemeniň uly bölegine gözegçilik edýän ýaragly “Huthi” gozgalaňçylaryna garşy gönükdirilen müňlerçe zarbalary ýerine ýetirdi. Emma ýurduň halkara derejesinde ykrar edilen hökümetini dikeltmek boýunça maksadyna ýetip bilmedi.

Ýemendäki konflikt azyndan 10 müň adamyň ölümine sebäp boldy we gumanitar krizisini döretdi.

XS
SM
MD
LG