Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusda oppozisiýa lideri sud edildi


Uladzimer Nýaklýaeu
Uladzimer Nýaklýaeu

Belarusda sud oppozisiýa liderini 10 günlük türme tussaglygyna höküm etdi. Uladzimer Nýaklýaeu adamlaryň bikanun ýygnanyşygyna çagyryş etmekde aýyplandy.

Minskiniň sudy Nýaklýaeunyň 16-njy oktýabrda telewideniýede eden çykyşyny “rugsat berilmedik jemgyýetçilik çäresini geçirmäge çagyryş” diýip, häsiýetlendirdi. Nýaklýaeu şol çykyşynda “eger-de kimdir biriniň hak-hukugyny gorajak bolsaňyz, öýüňizden çykyp goraň” diýipdi. Ol 21-nji oktýabrda geçirilmeli hökümete garşy protest barada öz pikirini beýan edipdi.

Belli şahyr we prezidentlige dalaş eden Nýaklýaeu 2010-njy ýylda Alesksandr Lukaşenkonyň dawaly ýagdaýda täzeden prezident saýlanmagyna garşy geçirilen protestlere gatnaşany üçin, şertli ýagdaýda iki ýyl türme tussaglygyna hem höküm edilipdi.

XS
SM
MD
LG