Sepleriň elýeterliligi

Hindistanda partlamada 26 adam öldi


Nýu Delidäki ýyladyş stansiýasy. Arhiwden alnan surat.

Hindistanda ýyladyş stansiýasynda dörän partlamada azyndan 26 adam öldi.

Uttar Pradeş ştatynyň Unçahar şäherinde dörän partlamada başga-da 60 töweregi adam ýaralandy. Olaryň aglabasy agyr ýangynlar bilen keselhana ýerleşdirildiler.

Saglyk resmileri hadysada ölenleriň sanynyň artyp biljekdigini duýdurdylar.

Ýerli resmiler partlamanyň sebäbiniň häzirlikçe belli däldigini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG