Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şarif sud diňlenişigi üçin Pakistana dolandy


Nawaz Şarif

Pakistanyň häkimiýetden çetleşdirilen premýer-ministri Nawaz Şarif korrupsiýa işi boýunça geçirilýän sud diňlenişigine gatnaşmak üçin, ýurda dolandy.

Häzire çenli Şarif Londonda düwnük, ýagny rak keselinden bejergi alýan aýalynyň ýanyndady.

Sud diňlenişigi 3-nji noýabrda geçirilip, onda Şarifiň maşgalasynyň Londondaky emläkleri bilen baglylykda bildirilýän aýyplamalara garalar.

67 ýaşly Şarif özüne ýöňkelýän aýyplamalary ret etdi.

Şarif iki möhlet premýer-ministr bolupdy. Iýul aýynda ýurduň Ýokary sudy Şarifiň 10 müň dollarlyk girdejisini hasabatlarda görkezmändigini öňe sürüp, ony wezipesinden çetleşdirdi. Şarif bu pullary hiç haçan almandygyny aýdýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG