Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýewiň sudy Gazagystanyň hökümetini tankyt eden blogeri iki aýlyk türmä höküm etdi


Şewçenko etrap sudunyň binasy, Kiýew
Şewçenko etrap sudunyň binasy, Kiýew

Kiýewiň sudy Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň hökümetini tankyt edenden soň Ukraina gaçyp çykan gazak blogerini iki aýlyk tussag etmek barada karar çykardy. Gazagystanyň häkimiýetleri Žanar Ahmediň öz ýurduna tabşyrylmagyna garaşýar.

Şewçenko etrap sudunyň 2-nji noýabrda çykaran kararyna görä, Žanar Ahmet 60 günüň dowamynda tussag astynda bolmaly, şeýle-de onuň ekstradisiýa edilmegi hakynda karar çykarylypdyr.

Žanar Ahmet Gazagystanyň ony hilegärlikde aýyplap, tussaglyk hakynda eden talabynyň esasynda 21-nji oktýabrda Kiýewde tussag edildi we başda 18 günlük tussaglyga höküm edilipdi.

Bloger Žanar Ahmet mart aýynda özüniň 9 ýaşly ogly bilen Gazagystany terk etmegine öz howpsuzlygy bilen howatyrlanmalaryň sebäp bolandygyny habar berdi. Ol özüne garşy gozgalan işi syýasy matlaply atlandyrdy.

Soňky ýylda azyndan Gazagystanyň syýasy we raýat aktiwistlerinden dördüsi Gazagystanly terk etdi.

18 million ilatly nebite baý Gazagystana 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargaly bäri ýolbaşçylyk edýän 77 ýaşly Nursoltan Nazarbaýew garşy pikire çydamsyzlyk görkezip gelýär.

XS
SM
MD
LG