Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Halk bütewüliginiň gününi belleýär


Orsýetli oppozision aktiwist Wýaçeslaw Maltsew
Orsýetli oppozision aktiwist Wýaçeslaw Maltsew

Orsýetiň 4-nji noýabrda belleýän Halk bütewüliginiň senesi 1917-nji ýylyň bolşewikler rewolýusiýasynyň 100 ýyllygyna gabat gelýär.

Orsýetiň häkimiýetleri bu senäniň öňüsyrasynda 3-nji noýabrda Kremliň tankytçysynyň birnäçe tarapdaryny tussag edendigini habar berdiler we olaryň syýasylaşdyrylan baýramçylykda tertipsizligi döremek we hökümet binalaryna, polisiýa hüjüm etmek boýunça dildüwüşigi amala aşyrmagy planlaşdyrmakda güman edilýändigini aýtdylar.

Federal howpsuzlyk gullugy (FSB) şübhe bildirilen adamlaryň oppozision aktiwist Wýaçeslaw Maltsewiň “Artpodgotowka” atly “gizlin öýjüginiň” agzalarydygyny mälim etdi.

Özüni milletçi we anarhist diýip, atlandyrýan Maltsew Orsýet şu dynç günleri rewolýusiýa taýýar diýip, YouTube ulgamy arkaly aýtdy.

Orsýetiň TASS döwlet habar agentligi tutuş ýurt boýunça geçiriljek 2 müň çemesi çärede 90 müňden gowrak howpsuzlyk işgäriniň gözegçiligi amala aşyrjakdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG