Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň Türkiýe bilen araçäginde 8 sany serhetçi wepat boldy


Eýranyň kartasy

Eýranyň Türkiýe bilen araçäginde söweşijiler bilen çaknyşykda sekiz sany serhetçisi wepat boldy.

Eýranyň döwlet telewideniýesiniň we IRNA täzelikler agentliginiň habar bermegine görä, Eýranyň demirgazygynda Çaldoran atly ýeriň golaýynda 3-nji noýabrda bolan söweşler adam pidalaryna getiripdir.

Eýranyň serhetçileriniň söweşijilere agyr zarba urandygyny Iribnews.ir neşri habar berdi.

Habar çeşmeleriniň hiç biri söweşijileriň gelip çykyşy barada maglumat bermedi, emma Eýranyň Türkiýe we Yrak bilen bilen serhediniň golaýyndaky giňişliklerde kürt separatist toparlaryň agzalary we ekstremist yslamçy söweşijiler bilen ok atyşyklar wagtal-wagtal ýüze çykýar.

Geçen aýda Eýranyň Rewolýusion gwardiýasy serhetde dört sany söweşijini atyp öldüripdi.

XS
SM
MD
LG