Birleşen Ştatlaryň armiýasy amerikan harbylarynyň bir agzasynyň alan ýaralary netijesinde Owganystanyň gündogaryndaky Logar welaýatynda aradan çykandygyny aýdýar.
4-nji noýabrda ýaýradylan beýanatda ABŞ-nyň Owganystandaky harby operasiýalarynyň komandiri general John Nikolson pida bolan harbynyň şahsyýetini aýdyňlaşdyrmady ýa-da operasiýanyň jikme-jikleri barada maglumat bermedi.
Bu soňky bir hepdäniň dowamynda Logar welaýatynda ölen ikinji amerikan harbysydyr.
28-nji oktýabrda ABŞ-nyň armiýasy amerikan harbylarynyň bir agzasynyň Harwar etrabynda bolan dikuçar heläkçiliginde ýaralanandygyny we şondan soň aradan çykandygyny aýdyp, munuň duşmanyň hereketi esasynda ýüze çykmandygyny belledi.
Bu maglumatdan aýrylykda, ABŞ-nyň armiýasy 3-nji noýabrda Gunduz welaýatynyň Çahardara etrabyna edilen howa zarbalarynda parahat ilatdan ýaşaýjylaryň ölendigi baradaky maglumatlaryň derňelýändigini mälim etdi.