Sepleriň elýeterliligi

Saud şasy ministrleri çalşyp, şazadalary tussag etdi


Saud Arabystanynyň şasy Salman

Saud Arabystanynyň şasy Salman ýurt ýolbaşçylarynyň iki esasy agzasyny çalyşdy. Bu hereket mirasdüşer şazada Muhammad bin Salmanyň häkimiýetini güýçlendirjege meňzeýär.

Şeýle-de, 5-nji noýabrda şa 11 sany şazadanyň, häzir wezipedäki dört ministriň we başga-da onlarça öňki ministrleriň täze döredilen korrupsiýa garşy komitet tarapyndan tussag edilendigini mälim etdi. Bu komitet mirasdüşer şazadanyň häkimiýeti astynda döredildi.

Resmi maglumatda tussag edilenleriň şahsyýetleri mälim edilmedi. Emma soňra ýokary derejeli saud resmisi tussag edilip, derňew edilýänleriň arasynda milliarder Alwaleed bin Talalyň we öňki maliýe ministri Ibrahim al-Assafyň hem bardygyny aýtdy.

81 ýaşyndaky şa ýurduň häkimiýetindäki iki esasy wezipä, ýagny içeri işleriň howpsuzlygy we ykdysadyýet boýunça täze ministrleri belledi.

Döwlet eýeçiligindäki “Al Arabiya TV” telekanalynyň maglumatyna görä, şalygyň çykaran kararyna laýyklykda Milli Gwardiýa ministri şazada Miteb bin Abdullahyň deregine Haled bin Aýýaf wezipä bellendi.

Şeýle-de, şalygyň kararyna görä, ýurduň ykdysadyýet ministri Adel Fakiehiň deregine onuň orunbasary Muhammad al-Tuwaijri wezipä bellenildi.

XS
SM
MD
LG