Sepleriň elýeterliligi

Ýitýän we ýitirim bolýan türkmen migrantlarynyň ykballary


Turkmen banner for dunya turkmenleri 0511

Türkiýe türkmen migrantlarynyň ýykgyn edýän esasy ýurtlarynyň başyny çekýär. Türkiýäniň migrasiýa gullugynyň hasabatlarynda ýurtdaky türkmen migrantlarynyň sanynyň ýüzlerçe müň möçberdedigi çaklanylýar.

Türk mediasynda häli-şindi ýiten ýa-da ýitirim bolan türkmen migrantlary barasynda maglumatlar ýaýraýar. Golaýda türk telekanallaryna çykan bir türkmen migranty ýiten aýalyny tapmak üçin halk köpçüliginden kömek sorady.

Eýsem, daşary ýurtlardaky türkmen migrantlary näme sebäpden ýitýär ýa-da ýitirim bolýarlar? Türkmen migrantlaryny howp astynda düşürýän sebäp ýa-da sebäpler näme?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň bu sanyny daşary ýurtlarda ýitýän ýa-da ýitirim bolýan türkmen migrantlarynyň ykballaryna gönükdirýär. Ýewropadaky türkmen migrantlaryndan Bahar we Türkiýedäki türkmenistanly zähmet migrantlaryndan Rozubaý bilen Arslan dagylar daşary ýurtlarda ýitýän hem ýitirim bolýanlaryň ykballary barasynda pikir alyşyp, migrantlaryň başdan geçirýän ýagdaýlary barasynda mysallar berýärler.

Gepleşigi diňläp, bu temada öz başdan geçirenleriňizi, tejribeleriňizi ýa-da teklipdir-bellikleriňizi aşakdaky foruma teswir görnüşinde ýazyp bilersiňiz.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG