Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň, Türkmenistanyň goranmak resmileri howpsuzlyk planlaryny maslahat etdiler


Türkmenistanyň Goranmak ministrligi, Aşgabat

Orsýetiň we Türkmenistanyň Goranmak ministrlikleriniň resmileri Merkezi Aziýa regionynda harby-syýasy ýagdaýy we halkara harby hyzmatdaşlyk boýunça planlary ara alyp maslahat etdiler.

Bu barada Orsýetiň resmi toparynyň merkezi harby okrugynyň ýolbaşçysy general-polkownik Wladimir Zarudnitskiniň ýolbaşçylygynda Türkmenistana eden iş saparynyň dowamynda ýurduň Goranmak ministrliginiň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşykda maslahat edendigini Orsýetiň RIA agentligi 1-nji noýabrda habar berdi.

Gepleşikleriň jikme-jikleri mälim edilmedi.

Soňky ýylyň dowamynda Orsýetiň harby we howpsuzlyk resmileriniň ençemesi Türkmenistana resmi derejede yglan edilen we edilmedik saparlaryny amala aşyrdylar. Orsýet Merkezi Aziýada ekstremizm howpunyň güýçlenýändigini aýdýar we Türkmenistanyň “Talyban” we “Yslam döwleti” ýaly toparlara garşy söweşýän Owganystan bilen serhedini özbaşdak goramaga ukypsyzdygyny belleýär.

Türkmenistanyň Owganystan bilen 700 kilometrden gowrak umumy serhedi bar.

XS
SM
MD
LG