Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saudylar Riýada raketa atylmagynyň yz ýany, Eýrany ‘harby agressiýada’ aýyplady


Huti söweşijileri. 16-njy iýul, 2017 ý. Ýemen
Huti söweşijileri. 16-njy iýul, 2017 ý. Ýemen

Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky harby koalisiýa ýemenli şaýy gozgalaňçylar tarapyndan Riýada ballistik raketanyň atylmagyna Eýrany jogapkär edip, munuň “harby hüjüm” hasap edilmeginiň mümkindigini, “muňa jogap bermäge” özüniň hukuklydygyny duýdurdy.

6-njy noýabrda çykarylan beýannamada “Eýranyň roly we onuň bu babatda hutilere göni buýruk bermegi goňşy ýurtlary nyşana alýan we regionda hem dünýäde parahatçylyga we howpsuzlyga wehim salýan aýdyň harby hüjüm bolup durýar” diýilýär.

“Şol sebäpden koalisiýanyň ýolbaşçylary muňa Eýran režimi tarapyndan edilen gödek harby agressiýa diýip garaýar. Muňa Saud Arabystanynyň garşysyna uruş yglan edilmegi diýip düşünilmegi mümkin”.

“Şeýle-de, koalisiýa Saud Arabystanynyň mynasyp wagtda we şekilde Eýrana jogap gaýtarmaga hukuklydygyny tassyklaýar” diýlip, beýannamada bellenýär.

Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa ballistik raketa bilen Riýad nyşana alnandan iki gün soňra, ýagny 6-njy noýabrda Ýemene gidýän gury ýer, deňiz we howa ýollaryny baglady. Ol ýollar wagtlaýyn baglansa-da, ynsanperwer kömeklere rugsat ediljekdigini aýtdy.

Saud Arabystanynyň ýolbaçylygyndaky koalisiýa Birleşen Arap Emirliklerini, Bahreýny, Kuweýti, Müsüri, Iýordaniýany, Marokkony, Senegaly we Sudany öz içine alýar.

Koalisýa Eýrany hutileri Riýadyň halkara aeroportyna atylan raketa bilen hüjün edenlikde aýyplaýar. Saudlylar olaryň raketany nyşana degmezden öň atyp gaçyrandyklaryny aýdýarlar.

Koalisiýa huti gozgalaňçylary Ýemeniň paýtagty Sana çozup, Saud Arabystany tarapyndan goldanýan hökümeti gaçyp çykmaga mejbur edeninden bir ýyl soňra, 2015-nji ýylda hutilere garşy söweşmek maksaday bilen guruldy.

Saudylaryň beýanatyna Tähran tarapyndan görkezilen reaksiýa entek ýok. Ýöne ýurduň goranmak ministri ozal raketa hüjüminde Eýranyň eliniň ýokdugyny aýdypdy.

Sünnileriň ýolbaşçylygyndaky Saud Arabystany Birleşen Ştatlaryň esasy ýarany, ilatynyň aglaba köplügi şaýylardan duran Eýran hem regionda onuň ganym bäsdeşi hasaplanýar.

Amerikan prezidenti Donald Tramp Eýrany Orta Gündogarda terrorçy toparlary goldaýanlykda aýyplady.

XS
SM
MD
LG