Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz oppozisiýa lideriniň sud işi bilen ilteşikli resminamalaryň ogurlanandygy aýdylýar


Türme tussaglygyndaky gyrgyz oppozisiýa lideri Omurbek Tekebaýew
Türme tussaglygyndaky gyrgyz oppozisiýa lideri Omurbek Tekebaýew

Türme tussaglygyndaky gyrgyz oppozisiýa lideri Omurbek Tekebaýewe garşy gozgalan jenaýat işi bilen ilteşikli resminamalar Tekebaýewiň aklawçysynyň Bişkekdäki öýünden ogurlandy diýip, aklawçy aýdýar.

Kanat Hasanowyň bu aýyplamalary, Tekebaýewiň “Ata-Mekan” partiýasynyň beýleki bir lideriniň erkek dogany atylyp öldürilenden bir gün soňa gabat geldi.

Hasanow 7-nji noýabrda irden sagat 4 töweregi özi we maşgalasy öýüniň ikinji gatynda ýatan mahaly, öýüne kimdir biriniň girendigini aýtdy. Ol bu adamyň öýüniň birinji gatyndaky aşhanasynyň penjiresinden giren bolmagynyň mümkindigini belledi.

“Biz öýüň aşaky gatynda kimdir biriniň bardygyny eşidenimizde, aşak ylgap düşdük. Ýöne olar eýýäm öýden gidipdirler” diýip, Hasanow aýtdy.

Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Mira Abdyldaýewa polisiýanyň bu wakany gözden geçirýändigini, ýöne munuň bilen baglanyşykly heniz derňewleriň gozgalmandygyny mälim etdi.

Şu ýylyň awgust aýynda Tekebaýew para aýyplamalarynda günäli tapylyp, sekiz ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Ol bu aýyplamalary ret edýär we onuň tarapdarlary bu aýyplamalaryň Tekebaýewiň ýurduň 15-nji oktýabrdaky prezidentlik saýlawlarynda dalaş etmeginiň öňüni almak maksady bilen toslanandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG