Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda 23 adam, şol sanda öňki ykdysadyýet ministri sud edilýär


Gazagystanyň kartasy
Gazagystanyň kartasy

7-nji noýabrda Gazagystanda 23 adam, şol sanda ýurduň öňki ykdysadyýet ministri Kuandyk Bişimbaýew para we döwlet emlägini ogurlamak aýyplamalary bilen ilteşikli sud edilýär.

37 ýaşyndaky Bişimbaýew şu ýylyň ýanwar aýynda Gazagystanyň Korrupsiýa garşy gullugy tarapyndan tussag edilipdi.

31-nji oktýabrda geçirilen deslapky sud diňlenişiginde ol özüniň günäsizdigini aýdypdy. Şol bir wagtda, onuň bilen bir wagtda tussag edilen adamlaryň birnäçesi özleriniň günalidigini boýun alypdylar.

Soňky ýyllarda öňki gazak resmileriniň birnäçesi parahorlukda güman edilip, sud edilmeler bilen ýüzbe-ýüz boldy. Olaryň käbirleri uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edildi.

XS
SM
MD
LG