Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Federika Mogerini 9-njy noýabrda Gyrgyzystana we Özbegistana sapar edip, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary derejeli resmileri bilen duşuşyk geçirer.
Gyrgyzystanyň prezidentiniň edarasy Mogerininiň prezident Almazbek Atambaýew we prezident saýlanyp, bu wezipä 24-nji noýabrda geçjek Sooronbaý Jeenbekow, şeýle-de premýer-ministr Sapar Isakow bilen duşuşjakdygyny habar berdi.
Gepleşikleriň gün tertibindäki meseleleriň arasynda Ýewropa Bileleşiginiň we Gyrgyzystanyň täze ikitaraplaýyn ylalaşygy barada maslahat ediljegini prezidentiň metbugat-gullugy habar berýär. Täze dokument 1999-njy ýylyň ylalaşygynyň ornuny tutar.
ÝB-niň 8-nji noýabrda aýtmagyna görä, Mogerini Bişkege saparynyň yzýany Özbegistanyň Samarkand şäherine baryp, ÝB-Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ministrleriniň 13-nji ýyllyk maslahatyna gatnaşar.
Federika Mogerini Gyrgyzystana saparynyň öňýanynda eden çykyşynda Merkezi Aziýanyň ÝB üçin iňňän möhüm regiondygyny aýtdy. ÝB-niň metbugat wekili adam hukuklarynyň ÝB-niň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklarynyň möhüm tarapy bolup durýandygyny belledi.