Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň Sibir regionynda poligonda bolan partlamada iki harby wepat boldy


Orsýetiň kartasy

Orsýetiň Sibir regionynda Tsugol atly ýerde bolan ýarag partlamasynda iki harby wepat boldy.

Goranmak ministrliginiň maglumatyna görä, 10-njy noýabrda Zabaýkalskiý kraý regionynda ýaraglary ýok etmek üçin niýetlenen poligonda arassalaýyş işleriniň dowamynda bir ofiser we kontrakt boýunça gulluk edýän esger wepat bolupdyr.

Partlama zerarly ýene bir ofiser we üç esger ýaralanyp, keselhanada bejergi alýar.

Ministrligiň resmileri doktorlara salgylanyp, ýaralanan harbylaryň ýagdaýynyň agyr däldigini habar berdi.

Gündogar harby okrugynyň ýörite komissiýasy hadysany derňemek üçin Habarowskdan ugradyldy diýlip, ministrligiň resmileri habar berdiler.

XS
SM
MD
LG