Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp: ABŞ söwda hyýanatçylyklaryna mundan beýläk çydam etmez


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Aziýa-Ýuwaş okean regionynyň söwda sammitinde, Danang, Wýetnam, 10-njy noýabr, 2017
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Aziýa-Ýuwaş okean regionynyň söwda sammitinde, Danang, Wýetnam, 10-njy noýabr, 2017

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Aziýa-Ýuwaş okean regionynyň söwda sammitinde eden çykyşynda Birleşen Ştatlaryň söwda ugrundan yzygiderli hyýanatçylyklara mundan beýläk çydam etmejegini we açyk hem deň söwda syýasatlary talap etjekdigini aýtdy.

ABŞ-nyň söwda ugrundan barabarlygyň ýoklugy esasan Hytaýa we Ýaponiýa degişli. Tramp Aziýa edýän 11 günlük saparynyň başynda bu iki ýurda barypdy.

Aziýanyň we ABŞ-nyň arasyndaky söwda deňagramlylygynyň dikeldilmegi Trampyň “Amerika birinji” syýasatynda merkezi orun tutýar. Tramp munuň ABŞ-nyň işçilerini gorajakdygyny aýdýar.

Tramp geçmişde Hytaýy amerikanlaryň iş orunlaryny ogurlamakda aýyplapdy, emma soň şeýle ýiti çykyşlardan çekildi.

9-njy noýabrda Pekinde eden çykyşynda Tramp iki ýurduň arasyndaky adalatly bolmadyk söwda üçin Hytaýy aýyplamaýandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň Hytaý bilen söwdasyndaky difisiti geçen ýylda 310 milliard amerikan dollaryna ýetdi.

XS
SM
MD
LG