Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ak Tam Trampyň we Putiniň Wýetnamda resmi duşuşyk geçirmejegini aýtdy


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp (s) we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp (s) we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 10-njy noýabrda Wýetnamda Günorta-Gündogar Aziýanyň sammitiniň çäginde Putin bilen duşuşyk geçirmegi planlaşdyrmaýar diýip, Ak Tam habar berdi.

“Putin bilen duşuşyk barada aýdylanda, duşuşyk hiç wagtda tassyklanmandy” diýip, Ak Tamyň metbugat wekili Sandra Sanders aýtdy.

Orsýetiň prezidentiniň metbugat-wekili Dmitriý Peskow iki ýurduň prezidentleriniň duşuşygynyň geçirilmegi barada maslahatyň alnyp barylýandygyny mälim etdi.

Munuň öňüsyrasyna ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň 10-njy noýabrda maslahat geçirmeginiň ähtimaldygyny orsýet prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow aýdypdy.

ABŞ-nyň we Orsýetiň aragatnaşyklary Moskwanyň Ukrainadaky agressiýasy we onuň Birleşen Ştatlarda 2016-njy ýylyň prezidentlik saýlawlaryna goşulyşmagynyň güman edilmegi bilen baglylykda erbetleşýär.

XS
SM
MD
LG