Sepleriň elýeterliligi

Putin, Tramp Siriýada YD-a garşy bilelikde tagalla etmegi ylalaşdy – Kreml


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp , Danang, 11-nji noýabr, 2017

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Siriýadaky “Yslam döwleti” toparyna garşy söweşde bilelikdäki tagallany dowam etdirmek ylalaşygyna geldi.

Kreml 11-nji noýabrda iki lideriň beýanatynyň Wýetnamda geçýän sammitiň gapdalyndan tassyk edilendigini habar berdi.

Ak tam Kremliň yglan eden habary ýa-da iki lideriň arasynda Aziýa-Ýuwaş okean ykdysady hyzmatdaşlygy sammitiniň gapdalyndan, Wýetnamyň kurort şäheri Danangda geçirilen gepleşikler baradaky soraglara bada-bat jogap bermedi.

Kreml Siriýa baradaky beýanatyň rus daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson tarapyndan ýörite Danang duşuşygy üçin sazlanandygyny aýtdy.

Putin we Tramp özleriniň Siriýanyň özygtyýarlylygyny, garaşsyzlygyny we territorial bütewiligini goldaýandyklaryny gaýtadan tassyk etdiler we konfliktdäki ähli taraplary Ženewa syýasy prosesinde aktiw rol oýnamaga çagyrdylar diýip, beýanatda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG