Sepleriň elýeterliligi

Müňlerçe protestçi Yslamabadyň köçelerini baglap, ministriň işden aýrylmagyny talap edýär


Pakistan polisiýasy

Pakistan häkimiýetleri parlament binasyna barýan ähli ýollary bagladylar we müňlerçe gaharly protestçiniň öňünde pitnä garşy polisiýanyň ofiserlerini goýdular. Protestçiler kanunçylyk ministri Zahid Hamidiň, hamala, saýlaw kanunlaryna yslama garşy üýtgeşme girizendigi üçin, işden boşadylmagyny talap edýärler.

Yslamabat polisiýasynyň maglumatyna görä, radikal “Tehrik-e-Labaik Pakistan” partiýasynyň, ýagny Pygambere eýerijileriň 3 müň 400 -den gowrak tarapdary diýilýän kanun üýtgetmesi sebäpli oturma protestini guradylar.

Hamid bu diýilýän kanun düzedişiniň diňe klerk ýalňyşlygy bolandygyny we eýýäm düzedilendigini aýdýar. Bu aýdylýan kanun üýtgetmesi resmi saýlaw kasamynda hudaýyň soňky pygamberi hökmünde Muhammediň adyna salgylanmagyň aýrylmagy bilen bagly.

"Zahid Hamid işden aýrylýança hiç bir gepleşik bolup bilmez” diýip, yslamçy lider Khadim Hussain Rizwi aýtdy. Ol protestçileriň Hamide garşy şygarlara gygyryp, özleriniň pygamberiň hatyrasyny gorap öljekdiklerini aýdýandyklarynyhem sözüne goşdy.

Hamid özüniň hakyky musulmandygyny we Muhammediň hudaýyň soňky pygamberidigine ynanýadnydygny aýdyp, wideo habar ýaýratdy.

XS
SM
MD
LG