Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Daşary ykdysady iş bankynyň başlygyna soňky duýduryşyny berdi


Türkmen banklarynyň plastik kartlary
Türkmen banklarynyň plastik kartlary

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçiren hökümet maslahatynyň dowamynda, işde goýberen kemçilikleri üçin diýip, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowa berk käýinç yglan etdi.

TDH döwlet habar gullugynyň maglumatyna görä, döwlet baştutany oňa ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi soňky gezek duýdurypdyr.

Habarlardan mälim bolşy ýaly, soňky wagtlarda türkmen raýatlary bank kartlaryna manat goýup, soň olary daşary ýurtlarda dollaryň döwlet kursunda nagtlaşdyrmak ýa-da şol nyrhda haryt almak mümkinçiliginden peýdalanmaga ýykgyn edýarlar.

Bu ýagdaý Türkmenistanyň bank resmileriniň daşary ýurtlarda kartlar arkaly edilýän operasiýalary, pul nagtlaşdyrmagy birnäçe gezekçäklendirmeklerine alyp geldi.

XS
SM
MD
LG