Sepleriň elýeterliligi

Tramp: Putin bilen Siriýa babatynda gelnen ylalaşyk köp adamyň janyny halas eder


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp rus kärdeşi Wladimir Putin bilen, Dunang, 11-nji noýabr, 2017.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 11-nji noýabrda, iki lider Aziýa-Ýuwaş okean liderleriniň sammitiniň gapdalyndan duşuşandan soň, rus prezidenti Wladimir Putin bilen Siriýa babatynda gelnen ylalaşygyň köp adamyň janyny halas etjekdigini aýtdy. Rus prezidenti bu ylalaşygyň “juda möhümndigini” belledi.

"Biz örän çalasyn ylalaşyga geldik” diýip, prezident Tramp žurnalistlere kurort şäheri Dunangdan - Aziýa-Ýuwaş okean hyzmatdaşlyk sammitiniň geçen ýerinden Wýetnamyň paýtagty Hanoýa uçanda uçaryň üstünde gürrüň berdi.

Bu ylalaşyk barada ilki Kremeliň websaýtynda habar berildi. Putin hem öz gezeginde sammitiň ahyrynda žurnalistlere Siriýa babatynda bilelikde edilen beýanatyň “adatdan daşary wajyp” bolandygyny, onuň terrora garşy ýörelgeleri tassyklaýandygyny aýtdy.

Bilelikdäki beýanatda Tramp bilen Putiniň Aziýa-Ýuwaş okean hyzmatdaşlyk sammitiniň gapdalyndan Siriýa babatda syýasy çözgüdiň zerurdygy barada ylalaşandygy, YD-a garşy durmakda bilelikdäki tagallalary dowam etdirmek barada bir pikire gelendigi aýdylýar.

Russiýa we ABŞ Siriýa konflikine harby çözgüdiň ýokdugy bilen ylalaşdylar diýip, beýanatda aýdylýar.

Tramp Putiniň geçen ýyl ABŞ-nyň prezident saýlawlaryna gatyşmandygy barada ozal aýdan sözlerini gaýtalandygyny gürrüň berdi.

XS
SM
MD
LG