Sepleriň elýeterliligi

Daşary ýurtlarda nagtlaşdyrylýan pullara girizilen çäkledirmeler kime nähili täsir ýetirýär?


Täze çäklendirmäniň täsiri türkmenistanlylaryň ýykgyn edýän esasy ýeri bolan Stambulda nähili duýulýar?

Türkmen hökümeti golaýda raýatlaryň daşary ýurtlaryň bankomatlaryndan nagtlaşdyryp bilýän maliýe serişdeleriniň möçberine nobatdaky çäklendirmeleri girizdi.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň resmi websaýtynda ýerleşdirilen maglumata görä, mundan beýläk raýatlaryň daşary ýurtlarda bank kartlary bilen amala aşyryp bilýän gündelik amallary 250 amerikan dollary möçberinde çäklendirilipdir. Başgaça aýdylanda, bir gije-gündiziň dowamyndaky nagt amallar 100 dollardan 50 dollara, nagt däl amallar hem 500 dollardan, 200 dollara çenli kemeldildi.

Resmi bildirişde täze çäklendirmeleriň “halkara plastik kartlaryň üsti bilen hasaplaşmak üçin çalşylýan serişdeleri niýetlenen ugurlardan gaýry maksatlara ulanmagyň öňüni almak maksady bilen” girizilendigi aýdylýar. Şeýle-de, çäklendirmeleriň “gündelik amallary adaty syýahatçy ýa-da tassyklanan normatiwleriň esasynda iş sapary bilen gidýän adamlaryň bolup biljek çykdajylaryndan ugur alyp” kesgitlenendigi mälim edilýär.

Eýsem, täze çäklendirmäniň täsiri türkmenistanlylaryň ýykgyn edýän esasy ýeri bolan Stambulda nähili duýulýar? Durmuşa geçirilýän şeýle çäklendirmeler Türkmenistanyň halkyna we ykdysadyýetine nähili täsirini ýetirýär?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanyny daşary ýurtlarda nagtlaşdyryp bolýan pullara girizilen täze çäklendirmäniň başda söwdagärler bolmak bilen halka ýetirýän täsirlerine gönükdirýär.

Gepleşigi diňläp, bu temadaky tejribeleriňizi, pikirleriňizi we teklipleriňizi aşakdaky foruma teswir görnüşinde ýazyp bilersiňiz.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG