Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan 27 eýranlyny türmeden boşadyp, ýurduna berdi


Türkmenbaşy, boşan tüme
Türkmenbaşy, boşan tüme

Türkmenistan 10-njy noýabrda Eýrana türkmen türmelerinde jezasyny çekýän 27 eýranlyny berdi diýip, Eýranyň IRNA habar gullugy habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, ýurduna tabşyrylan eýran raýatlary dürli jenaýatlar esasynda türme tussaglygyna höküm edilipdir we jeza möhletleri tamam bolanyndan soň azat edilipdir.

Eýranyň Türkmenistan bilen serhetdäki Razawi Horosan welaýatynyň gubernatorynyň orunbasary Jawad Hosseýni biraz öň Türkmenistanyň türmelerinden 80 sany eýranly tussagyň boşadyljakdygyny aýdypdy diýip, habarda bellenýär.

XS
SM
MD
LG