Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran Bahreýniň nebit geçirijisiniň partladylmagyna dahyllydygyny ret edýär


Bahreýniň kartasy
Bahreýniň kartasy

Eýran özüniň Bahreýniň esasy nebit geçirijisiniň partlamagynyň we ot almagynyň arkasynda durandygy barada aýdylýanlary ret etdi we bu aýyplamany “esassyz we arzan” diýip häsiýetlendirdi.

Bahreýn häkimiýetleri “munuň ýaly bolgusyz we galp beýanatlary etmegiň hem-de şeýle çagaçyl günälemek oýunlarynyň zamanynyň geçendigini bilmeli” diýip, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Bahram Ghassemi 12-nji noýabrda eden beýanatynda aýtdy.

Bahreýniň içeri işler ministri Şeýh Raşid bin Abdullah al-Khalifa biraz öň 10-njy noýabr güni giçlik Buri obasynyň golaýynda nebit geçirijiniň partladylmagyny “terrorçylygyň howply akty” diýip atlandyrypdy.

"Ýurduň ýakyn döwürde şaýat bolan terrorçylyk aktlary Eýranyň göni aragatnaşyklary we görkezmeleri arkaly amala aşyrylýar” diýip, Khalifa 11-nji noýabrda eden beýanatynda aýtdy.

Birnäçe bina zyýan ýetiren partlamanyň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady.

Bahreýniň Içeri işle ministrligi zarba urlan geçirijiden akýan nebitiň togtadylandygyny we ýangynyň kontrol astyna alnandygyny aýtdy.

Saud Arabystanynyň Energiýa ministrligi patyşalygyň öz desgalarynyň ählisinde howpsuzlyk çärelerini berkidýändigini aýtdy.

Bahreýn öz ulanýan nebitiniň köp bölegibabatynda esasan goňşulykdaky Saud Arabystanyndan gelýän geçirijä daýanýar.

XS
SM
MD
LG