Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Russiýanyň saýlawlara gatyşmagy meselesinde ABŞ agentliklerine ynanýar


Tramp: Russiýanyň saýlawlara gatyşmagy meselesinde men öz agentliklerimize ynanýaryn
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:45 0:00

Tramp: Russiýanyň saýlawlara gatyşmagy meselesinde men öz agentliklerimize ynanýaryn

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Russiýanyň 2016-njy ýylda ABŞ-nyň prezident saýlawlaryna gatyşmagy meselesinde özüniň ABŞ-nyň aňtaw agentliklerine ynanýandygyny aýtdy.

Tramp bu sözleri Wýetnamyň paýtagty Hanoýda guralan metbugat ýygnagynda, 12-nji noýabrda, bir gün ozal rus prezidenti Wladimir Putiniň saýlawlara gatyşandygyny ret etmesine ynanýandygyny aýdanyndan soň aýtdy.

"Men Russiýa bilen oňuşmak isleýärin, sebäbi bu örän möhüm, men Hytaý bilen oňuşmak isleýärin, Wýetnam bilen oňuşmak bilen isleýärin, bir topar ýurtlar bilen oňuşmak isleýärin, sebäbi biziň çözmeli bir topar meselämiz bar. Onsoň, dogrusy, Russiýa we Hytaý hususan-da bize Demirgazyk Koreýa problemasyny çözmäge ýardam edip biler, bu biziň hakyky uly problemalarymyzyň biri” diýip, Tramp aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 12-nji noýabrdaky twitter beýanatlarynda Russiýa bilen oňyn gatnaşyklaryň “gowy zatdygyny” we Moskwanyň Ukrainadaky, Demirgazyk Koreýadaky we Siriýadaky krizisleri çözmekde, global terrorizme garşy durmakda “uly kömek” edip biljekdigini aýtdy.

Tramp Aziýa 13 günlük saparynyň çäginde Hanoýda bolan metbugat ýygnagynda Russiýa garşy girizlen sanksiýalary dile getirip, Moskwa garşy “örän agyr sanksiýa salnandygyny” aýtdy we “indi döwlen we jaýrylan dünýäni bejermek wagtynyň gelendigini” öňe sürdi.

Birleşen Ştatlar Russiýa garşy hamala onuň 2016-njy ýylda ABŞ-daky prezident saýlawlaryna gatyşandygy üçin sanksiýa girizdi we beýleki Günbatar döwletleriniň Moskwa garşy Kremliň Ukrainadaky agressiýasy üçin girizen sanksiýalaryna goşuldy.

Tramp özüniň sanksiýa barada aýdanlaryny has aýdyňlaşdyrmady ýa-da olary gowşatmak barada anyk bir zat aýtmady.

Şeýle-de ol mundan öň Russiýanyň ABŞ-nyň prezident saýlawlaryna garyşmagy bilen bagly aýdan sözlerine aýdyňlyk salmaga çalyşdy, ýagny özüniň ABŞ-nyň aňtaw agentlikleriniň gelen netijelerine ynanýandygyny, emma rus prezidenti Wladimir Putiniň saýlawlara gatyşandygyny ret edip aýdan sözleriniň hem çyn ýürekden çykandygyna ynanýandygyny aýtdy.

Tramp öz twitter beýanatlarynda özüniň Russiýa we hususan-da Putin bilen gatnaşyklary gowulaşdyrmak synanyşyklaryny tankytlan “ähli ýigrenijilere we akmaklara” hüjüm etdi.

Donald Tramp 12-nji noýabrda, Aziýa 13 günlük saparynyň soňky gonalgasy bolan Filippinlere geldi.

Tramp Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň liderleriniň duşuşygyna gatnaşmak üçin 14-nji noýabra çenli filippin paýtagty Manilada bolar.

Onuň gelmezinden birnäçe sagat öň pitnä garşy polisiýa Maniladaky amerikan ilçihanasyna tarap barýan ýüzlerçe anti-amerikan protestçini suw toplaryna tutup, ýolundan sowdy.

Ol biraz öň Wýetnamda Aziýa-Ýuwaş okean ykdysady hyzmatdaşlyk sammitine gatnaşyp, onuň dowamynda gysga wagt rus kärdeşi Wladimir Putin bilen duşuşdy.

Trampyň Aziýa sapary, Ýaponiýany, Hytaýy we Günorta Koreýany hem öz içine almak bilen, Demirgazyk Koreýanyň ýadro wehimine garşy durulýan wagtynda diplomatik we ykdysady gatnaşyklary berkitmek niýetinde planlaşdyryldy.

XS
SM
MD
LG